Türkmenistanyň DIM-inde Täjigistanyň ilçisi bilen duşuşuk geçirildi

  • 10.01.2024 16:02
  • 2.5k+

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
2023-nji ýylyň 10-11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet saparynyň öndürijilikli häsiýeti beýan edildi, onuň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy.
Munuň bilen birlikde, taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň zerurlygy bellendi. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Duşenbe şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň mejlisiniň kararlaryny çözgütlerini durmuşa geçirmegiň gidişini seredilip geçildi.
Diplomatlar medeni we ynsanperwer ugurda ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler. Bu nukdaýnazardan, Aşgabatda we Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Medeniýet günlerini geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň wajyplygy bellendi.
Parlamentleriň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we iki ýurduň parlamentarlarynyň saparlaryny alyşmagyň geljegi barada pikir alşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......