Alymlar Marsyň ýaşamak üçin ýaramly bolup biljekdigini anykladylar

  • 10.01.2024 09:52
  • 13k+

Täze ylmy gözlegler Marsyň ýüzasty zolagynda ýaşaýşyň bolup bilmeginiň mümkinligi barada goşmaça maglumatlary berýär. Alymlar bu sebitiň amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek üçin möhüm komponentler bolan demir we magniý elementlerine baý tohum emele gelmelerini saklaýandygyny anykladylar. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Bu geologiki formasiýalary öwrenmek üçin alymlar Geochemist’s Workbench kompýuter programmasyny ulandylar. Olar Mars meteoritleriniň, Ýezero kölüniň düzüminiň we duzly suw hem aşgarly suw ýaly dürli Mars suwlarynyň arasynda bolup geçýän himiki reaksiýalary modelirlediler. Modelirleme üçin ALH 77005 (Allan Hills 77005), Nakhla we Chassigny meteoritleriniň düzümi baradaky maglumatlar, şeýle-de Perseverance marsohody tarapyndan öwrenilen tohum nusgalary ulanyldy.
Modelirleme reaksiýalaryň netijesinde emele gelen esasy minerallaryň serpentin ýaly slýuda görnüşli minerallary öz içine alýandygyny görkezdi. CRISM orbital enjamynyň kömegi bilen geçirilen gözegçilik bu minerallaryň Marsyň üstünde bardygyny tassyklaýar. Bu suw bilen bagly soňky işjeňlik hem-de mikrobiologiki ýaşaýşy goldamak üçin ýaramly hemişelik energiýa çeşmesi barada söz açýar.
Şeýle-de, alymlar öňki işjeňlikleri, şol sanda suw bilen bagly işjeňlikleri we mikrobiologiki işjeňligiň görkezijilerini kesgitlemek we öwrenmek üçin ulanyp boljak minerallaryň sanawyny hödürlediler, bu bolsa Marsda mundan beýläkki astrobiologiýa gözlegleri üçin iň amatly ýerleri saýlamaga kömek eder.


düýn 17:37
1.7k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......