Türkiýäniň täze bellenen ilçisi Raşid Meredow bilen duşuşdy

  • 08.01.2024 22:26
  • 8.8k+

8-nji ýanwarda Türkiýäniň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Şeýle hem ilçi Türkmenistandaky diplomatik işiniň dowamynda türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň, şeýle hem BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler ýaly halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine özara gyzyklanmalary beýan edildi.
Iň ýokary we ýokary derejelerde saparlary we gepleşikleri guramagy dowam etdirmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi.


05.06.2026 17:31
1.4k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.2k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....