Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel möhletinden öň wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär

  • 08.01.2024 18:07
  • 5.9k+

Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel Ýewropa Parlamentine saýlawlara gatnaşmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Ol özüniň karary barada Belgiýanyň «De Standaard», «Le Soir» we «La Libre» gazetlerine habar berdi diýip, «Euronews» maglumat berýär.

«Men 2024-nji ýyldaky Ýewropa saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak kararyna geldim. Eger meni saýlasalar, iýul aýynyň ortalarynda Ýewropa Parlamentiniň agzasy hökmünde kasam kabul edýänçäm, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy hökmünde wezipe borçlarymy ýerine ýetirerin» diýip, «De Standaard» Mişeliň sözlerini belleýär.

Mişeliň Ýewropa Geňeşiniň başlygy hökmünde hukuklarynyň möhleti 2024-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlanýar, Ýewropa Parlamentine saýlawlar bolsa iýul aýynda geçiriler. Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysynyň we Ýewropa Parlamentiniň agzalarynyň wezipelerini utgaşdyryp bolmaýandygy sebäpli, Mişel saýlanan halatynda möhletinden öň wezipesinden gitmeli bolar.
«Politico» hem öz gezeginde Mişeliň kararynyň Ýewropanyň Liderlerine goşmaça agram salýandygyny belleýär, çünki olar onuň ornuny tutjak adam barada adatdakysyndan has gysga möhletde ylalaşmaly bolarlar. Ýogsam, Ýewropa Geňeşiniň başlyklygy wagtlaýyn Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbana geçer, çünki Wengriýa 2024-nji ýylyň iýul aýyndan dekabr aýyna çenli ÝB-niň Geňeşine başlyklyk eder.


05.06.2026 15:42
3.4k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.9k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7.1k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....