Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 08.01.2024 17:27
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen dabaraly maslahat geçirildi. 

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Hökümet agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň belli sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.
Çäre bilen ugurdaşlykda, Mukamlar köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleriniň, şeýle-de halkymyzyň şekillendiriş, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi-de guralyp, ol maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde sungat ussatlarynyň çykyşlary-da boldy.

Aýdym-sazlara beslenen dabaraly maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda täze ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şanly ýylda döwlet hem-de halkara derejedäki dürli çäreleri guramakda, söz ussadynyň edebi mirasyny wagyz etmekde, şöhratyny dünýä ýaýmakda öňde durýan möhüm wezipeler barada pikir-garaýyşlar beýan edildi.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......