“Barbi” esasy nominasiýalarda ýeňlip, iki “Altyn globus” aldy

  • 08.01.2024 14:54
  • 3.7k+

Greta Gerwigiň “Barbi” filmi kinematografik we girdeji üstünlikleri üçin “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada baýragyň saýtynda habar berilýär.

Filme iň gowy aýdym üçin baýragy “Barbi” filminde ýaňlanan “What Was I Made For?” aýdymy bilen Billi Aýliş we onuň erkek dogany Finneas O’Konnel aldy.
Film “Iň gowy komediýa/mýuzikl” kategoriýasynda baýrak üçin dalaş edipdi, ýöne bu nominasiýada Ýorgos Lantimosyň “Garyplar-betbagtlar” filminden ýeňildi. Şeýle-de, “Barbi” “Iň gowy zenan keşbi”, “Ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi”, “Iň gowy režissýor”, “Iň gowy ssenariýa” kategoriýalarynda baýrak almak üçin göreşdi.
“Altyn globusda” “Kinematogragrafik we girdeji üstünlikleri” nominasiýasy 2023-nji ýylyň dekabr aýynda peýda boldy. “Barbiden” başga-da, bu ugurda “Oppengeýmer”, “Galaktikanyň sakçylary. Bölüm 3”, “Jon Uik 4”, “Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl: Ölüm howply ar alyş. Birinji bölüm” filmleri, “Möý adam: Älemiň kerebi”, “Doganlar Super Mario kinoda” multfilmleri we “Teýlor Swift: The Eras Tour” konsert filmi bäsleşdi.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....