Alymlar miweleriň saklanyş möhletini uzaldýan biogel döretdiler

  • 09.01.2024 14:53
  • 8k+

Russiýanyň Nowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri otag temperaturasynda miweleriň, gök önümleriň we ir-iýmişleriň saklanyş möhletini uzaltmaga ukyply biopolimerlerden ybarat gel döretdiler.

TASS-yň habar bermegine görä, miweleri gaplanylýan wagtynda we gönüden-göni agajyň şahasynda gaýtadan işläp bolýar.

«Biogeliň ýuka gatlagy miweleri çalt guratmakdan goraýar – almanyň otag temperaturasynda saklanýan wagty üç esse ýokarlandy – ol üç hepde zaýalanman saklanýar» diýip, NDTU NETI-niň elektrofiziki enjamlar we tizlendirijiler kafedrasynyň mugallymy Ýekaterina Litwinowa belledi.

Uniwersitetiň hünärmenleri geli almalaryň we mandarinleriň üstünde synagdan geçirdiler.
Litwinowanyň pikiriçe, täsin geliň düzümine iki sany biopolimer we birleşdiriji serişde girýär. Önüm dolulygyna organiki serişdedir, ol miweleriň we ir-iýmişleriň üstünden akar suw arkaly ýuwulyp bilner, onuň bedene düşmegi adamlar üçin zyýansyzdyr.
Deňeşdirmek üçin Litwinowa azyk senagatynda almany uzak wagtlap saklamak üçin ulanylýan mumy mysal getirdi. Hünärmen, gelden tapawutlylykda, mumuň doly dargamaýandygyny belleýär.
Biogeli sepýän enjamlaryň gaplama önümçiligine ornaşdyryljakdygy çak edilýär. Mundan başga-da, ony daýhanlar ýetişdiren ekinleri üçin ulanyp bilerler. Alymlar ýaz-tomus möwsüminde bu geli käşir we miwelerde synag etmegi meýilleşdirýärler.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......