Hytaýda 100 km-e 4,2 l ýangyç sarp edýän iň täze Toyota Camry-nyň deslapky satuwy başlandy

  • 07.01.2024 17:53
  • 18k+

Ýanwar aýynyň başynda dokuzynjy nesil GAC Toyota Camry-niň deslapky satuwy başlandy. 2,0 litrlik benzin hereketlendirijili ýangyç bilen işleýän görnüşi we bahasy 24 500 dollardan 28 000 dollar aralygynda.

Gibrid görnüşi 25 600 dollardan başlap 29 500 dollar aralygynda bolar, eltip beriş  2024-nji ýylyň birinji çärýeginde başlar. 2,5 litrlik hereketlendirijili modeli ýurtda biraz soň yglan ediler.
Awtoulag täzelenen 12,3 dýuýmlyk merkezi dolandyryş ekrany, HUD baş ekrany, CarPlay, CarLife we HiCar arkaly smartfonlary birikdirmek üçin goldaw we bir çipli Qualcomm Snapdragon 8155  ulgamy aldy.
Ýangyç bilen işleýän görnüşiniň uzynlygy, ini we beýikligi degişlilikde 4915, 1840 we 1450 mm, tigir bazasy 2825 mm we iň ýokary tizligi sagatda 205 km. Daş görnüşi boýunça gibrid model ýangyç görnüşinden känbir tapawutlanmaýar: uzynlygy, ini we beýikligi degişlilikde 4950, 1850 we 1450 mm.
Täze Camry-ä ýakymly yslary üýtgetmek üçin ses dolandyryşy hem goşuldy. Gibrid görnüşi 100 km-e 4,2 l ýangyç sarp edýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......