Tesla Günorta Koreýada satylan ähli elektrik ulaglaryny yzyna çagyrar

  • 07.01.2024 17:23
  • 5.6k+

Amerikanyň Tesla kompaniýasynyň önümleriniň resmi taýdan hödürlenýän dürli ýurtlarynda kadalaşdyryjy edaralar, adybir elektrik ulaglarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kompaniýa programma üpjünçiligini täzeletjek bolýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan we Hytaýdan soň Günorta Koreýadaky düzgünleşdirijiler hem bortdaky programma üpjünçiligini täzelemek üçin Tesla elektrik ulaglarynyň yzyna çagyrylmagyny talap etdiler diýip, Business Korea web sahypasynda berlen beýanata salgylanýan 3DNews habar berýär.

Günorta Koreýadaky yzyna çagyryş kampaniýasy “Awtopilot” funksiýasy bilen enjamlaşdyrylan Tesla elektrik ulaglarynyň hemmesine degişli bolar we, ABŞ-yň hem-de Hytaýyň bazarlaryndaky şuňa meňzeş çäreleriň mysalynda, awtopilot işjeňleşdirilende sürüjä ýagdaýa gözegçilik etmegiň zerurlygy barada has açyk duýduryşlaryň girizilmegini göz öňünde tutýar.
Şeýle-de bolsa, çeşmeler bu anyk ýagdaýda import edilýän elektrik ulaglary üçin ýerli bazaryň göwrümine görä yzyna çagyryşyň has kiçi bolandygyny bellediler. ABŞ-da, takmynan, 2 million Tesla elektrik ulagy yzyna çagyrylmaly bolsa, Hytaýda olaryň sany 1,6 million birlikden geçdi, şonda Günorta Koreýada hasaba alnan, programma üpjünçiligi düzedilmeli bu markanyň awtoulaglarynyň sany 63,991 birlikden geçmez.
Beýleki öndürijileriň öndürýän käbir ulaglary hem Günorta Koreýada-da şuňa meňzeş yzyna çagyryldy. Yzyna çagyryşa jemi 13 dürli modeliň 72 674 awtoulagy degişli boldy. Şonuň üçin Tesla-nyň dört sany modeli yzyna çagyrylan ulaglaryň umumy sanynyň 88% -ini emele getirýär.
Programma üpjünçiligini täzelemekden başga-da, 1992 sany Tesla elektrik ulagy ýolagçylary we sürüjini ewakuasiýa etmegi aňsatlaşdyrmak üçin çaknyşykdan soň gapylaryň açylmagyna böwet bolýan näsazlygy düzeder.


22.05.2026 06:05
4.1k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.5k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....