Aşgabatda Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesiniň ýadygärliklerini ýaýratmak meseleleri maslahatlaşyldy

  • 07.01.2024 16:35
  • 3.8k+

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Milli muzeýinde Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesiniň ýadygärliklerini ýaýratmak meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Milli taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça edarasy tarapyndan gurnaldy. Oňa alymlar, Medeniýet ministrliginiň, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, muzeý işgärleri hem HBS-iň wekilleri gatnaşdy.
Ýatlap geçsek, Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan-Garagum geçelgesi ÝUNESKO-nyň medeni miras obýektleriniň sanawyna goşuldy. Ol ýedisi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän 31 sany taryhy ýadygärligi jemleýär. Bu orta asyr şäherçeleri, galalar we kerwensaraýlardyr.
Maslahata gatnaşyjylara Ýüpek ýolunyň ugrundaky gadymy şäherçeleriň çäklerinde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri görkezildi.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......