Ankarada Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 06.01.2024 14:09
  • 5.6k+

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ankaranyň Sosial ylymlar uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy habar berdi.

Maslahata Türkiýede akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdy.
Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar, türkmen halkynyň edebi milli hazynasynyň we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik akyldaryň döredijilik mirasyna ýokary baha berdiler.
Gatnaşyjylar TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy türkmen şahyrynyň döredijiliginiň halkara derejesinde ykrar edilýändigini bellediler.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......