USB-C Ýewropada elektroniki enjamlar üçin umumy standart boldy

  • 06.01.2024 13:42
  • 5.2k+

Ýewropa komissiýasy X sosial ulgamynda gysga habar çap edip, onda USB-C-iň 2024-nji ýyldan başlap Ýewropa Bileleşiginde elektron enjamlar üçin umumy standart bolandygyny tassyklady.

"Garaşmaklyk ahyry tamamlandy. 2024-nji ýyldan başlap USB-C ÝB-de elektron enjamlar üçin umumy standart bolar. Bu has gowy zarýad beriş tehnologiýasyny, elektron galyndylaryň azaljakdygyny we gerekli zarýad berijileri tapmak  meselesinde aladanyň azaljakdygyny aňladýar" - Ýewropa komissiýasy.

USB-C ÝB-de ählumumy interfeýs bolup hyzmat eder, sarp edijilere islendik markaly enjama zarýad bermekde islendik USB-C zarýad berijisini ulanmaga mümkinçilik berer. ÝB-iň talaplary ähli ykjam öýjükli telefonlara, planşetlere, sanly kameralara, garnituralara, ykjam ses güýçlendirijilere, ykjam wideo oýunlara, elektron kitaplara, gulaklyklara, klawiaturalara, syçanlara we çaklaň nawigasiýa ulgamlaryna degişlidir.
Mikro-USB tehniki sebäplere görä kem-kemden ulanyşdan aýrylýar, emma Apple-iň Lightning interfeýsi bitewi interfeýsiň öňünde iň uly päsgelçilik boldy. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýewropa Komissiýasy 24 aýlyk geçiş döwri bilen, USB-C-ni ähli ykjam enjamlar üçin ählumumy standart hökmünde ulanmagy resmi taýdan teklip edipdi.
Şonda Apple bu ädime garşy çykypdy, ýöne ahyrynda iPhone 15 telefonlarynyň hemmesi USB-C-e geçdi.


07.05.2026 09:42
1.4k+

ÝB-däki täze awtoulaglar sürüjiniň ünsüne gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylar

2026-njy ýylyň iýul aýyndan başlap, ÝB ýurtlarynda awtoulaglaryň howpsuzlygy boýunça täze talaplar giriziler: ähli täze awtoulaglar goşmaça duýduryş ulgamlary bilen üpjün edilmelidir....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

30.04.2026 22:03
3.8k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

25.04.2026 16:02
6.3k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......