Türkmenistanyň täze satyn alan Boeing 777-300 ER howa gämisi ilkinji uçuşyny Abu-Dabi şäherine ýerine ýetirdi

  • 06.01.2024 11:38
  • 20k+

5-nji ýanwarda Aşgabadyň Halkara howa menziline täze gelen «Boeing 777-300ER» kysymly  ýolagçy uçary şol gün Abu-Dabi şäherine ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.

TmCars-yň öň habar berşi ýaly, bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul edendigini bellemek gerek.
«Boeing 777-300ER» uçarlary 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply bolup, olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Olar milli awiakompaniýamyza islendik yklyma uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Iki ýurduň paýtagtlary — Aşgabadyň we Abu-Dabiniň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda gazanyldy.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....