BMG Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalary alty dilde çap etdi

  • 05.01.2024 08:52
  • 5.9k+

BMG-niň web sahypasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen iki kararnama — "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" we "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny" atly kararnamalar çap edildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu kararnamalar 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde kabul edildi.
Ulag baradaky kararnama 47 döwlet we energetika birikmesi baradaky kararnama 38 ýurt awtordaş bolup çykyş etdiler.

Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama 2026-2035-nji ýyllary durnukly ulag onýyllygy hökmünde yglan edýär. Rezolýusiýanyň awtorlary BMG-niň Baş sekretaryny bu ugurda halkara dialog tejribesini dowam etdirmäge we BMG-niň Durnukly ulag boýunça üçünji global maslahatyny çagyrmagy teklip edýärler.
Resminama görä, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Bütindünýä durnukly ulag gününiň çäginde esasy wakalar Türkmenistanda geçiriler.
Energetika baglanyşygy baradaky resminama halkara jemgyýetçiliginiň dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan energiýa çökgünligini ýeňip geçmek ugrundaky tagallalarynyň jemlenmegini üpjün edýär we energiýa çeşmeleriniň serhetara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegi talap edýär.
Bu resminama laýyklykda, hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa elýeterliligini üpjün etmek üçin Durnukly ösüş maksatlaryna hemmetaraplaýyn ýetmegi maksat edinýän 2026-njy ýylda Türkmenistanda “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly ýedinji forumy geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem, kararnama BMG-niň Baş sekretarynyň 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli energetika meselelerine gönükdirilen ösüş meseleleri boýunça indiki hasabatyny çap etmegi teklip edýär.
Bu kararnamalar BMG-niň web sahypasynda alty resmi dilde - iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde çap edildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......