«PSŽ» «Tuluzany» ýeňip, Fransiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy

  • 04.01.2024 17:31
  • 10k+

Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda «Pari Sen-Žermen» «Tuluza» toparyny ýeňdi.

Pariždäki «Park de Prens» stadionynda geçirilen duşuşyk paýtagtyň futbol toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollary derwezä Lin Kan In (3-nji minutda) we Kilian Mbappe (44-nji minutda) girizdiler.
«PSŽ» Fransiýanyň çempionatynyň häzirki ýeňijisi hökmünde oýnady, «Tuluza» bolsa ýurduň Kubogynyň eýesidir. «PSŽ» bu Kuboga 12-nji gezek eýe boldy. Topar bu Kubokda ýeňişleriniň sany boýunça öňdeligi eýeleýär.


düýn 19:46
4.2k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
3.2k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
1.6k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

düýn 17:02
3.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......