2023-nji ýylda Lebap welaýatynda 10,9 mlrd kub metr töweregi gaz öndürildi

  • 04.01.2024 17:09
  • 7k+

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň işgärleri 2023-nji ýylyň jemi boýunça, takmynan, 10 mlrd 900 mln kub metr mawy ýangyç gazyp aldylar. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Müdirligiň hünärmenleri tebigy gazy öndürmek boýunça meýilnamany noýabr aýynyň ahyryna çenli möhletinden ir ýerine ýetirdiler, gazylyp alnan çig malyň göwrümi bolsa 9 mlrd 875 mln 120 müň kub metr boldy. Bellenilişi ýaly, şeýle netijeler guýularyň öndürijiliginiň ýokarlanmagy we ähli bölekleriň sazlaşykly işlemegi bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki günde “Malaý” gaz ýatagynda 91 guýy işleýär. Müdirlikde ýylyň dowamynda bir günde ortaça otuz million kub metrden gowrak tebigy gaz öndürildi. Bu kärhanalary, edaralary we ilaty arzan ýangyç bilen üznüksiz üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Gazylyp alnan gazyň bir bölegi Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen Hytaýa eksport edilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Naýypda we Gazojakda suwuklandyrylan tebigy gazy kabul etmek we saklamak boýunça terminallary düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Bu ýerden önüm içerki we daşary ýurtly sarp edijilere iberilýär. Düýpli abatlaýyş bu ýangyjyň önümçilik möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....