Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlyklygy Gazagystana geçirildi

  • 05.01.2024 08:46
  • 17k+

Gazagystan 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär diýip, “Habar 24” habar berýär.

Respublikanyň başlyklygy üç ýyl dowam eder we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şol döwür üçin Gaznanyň prezidentligine saýlandy.
Türkmenistany, Täjigistany we Özbegistany hem öz içine alýan bu gazna Araly halas etmäge we umuman, sebitdäki daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär.
Gazagystanyň hökümeti Bütindünýä banky bilen bilelikde Demirgazyk Aral deňzini gorap saklamak boýunça taslamanyň ikinji tapgyryna başlamagy meýilleşdirýärler diýip, Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nurjan Nurjigitow habar berdi. Resmi ýolbaşçynyň sözlerine görä, bu wezipäni diňe Gaznanyň ähli gatnaşyjy ýurtlarynyň tagallalaryny jemlemek bilen amala aşyryp bolar.
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň öňki başlygy 2020-2023-nji ýyllarda Täjigistan bolup, ondan ozal (2017-2019-njy ýyllarda) Gazna Türkmenistan ýolbaşçylyk edipdi. Guramada başlyklyk üç ýyldan bir gezek aýlaw edýär.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......