Gazagystan daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk salgydyny ýatyrdy

  • 04.01.2024 17:00
  • 13k+

Gazagystanda daşary ýurtlular üçin syýahatçylyk salgydy (bed tax) ýatyryldy. Bu barada respublikanyň Syýahatçylyk we sport ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär. Üýtgeşmeler şu ýylyň 9-njy ýanwaryndan güýje girýär.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň syýahatçylyk we sport wise-ministri Eržan Erkinbaýew daşary ýurtlulardan syýahatçylyk salgydyny almagyň togtadyljakdygyny aýtdy.

“Şu güne çenli ýurtda bed tax girizileni bäri, takmynan, 500 mln tenge ýygnalandygyna garamazdan, bed tax hereketini togtatmak kararyna gelindi. Häzir örän gysga möhletde buýruga üýtgetmeler girizildi. Bed tax ýa-da syýahatçylyk salgydy togtadylar” – diýip, Erkinbaýew metbugat maslahatynda aýtdy.

Ol bu tölegiň hem içerki biznes, hem gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin käbir oňaýsyzlyklary döredýändigini belledi.
2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Gazagystanda bed tax – daşary ýurtly myhmanlar üçin hökmany syýahatçylyk salgydy girizildi. Bu töleg 2022-nji ýylda alynmady, 2023-nji ýylyň başynda bolsa ýurtda ýaşaýyş bahasyndan 1%-den 5%-e çenli möçberde tölegler kesgitlendi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......