Snup Dog Parižde geçiriljek Olimpiadada NBC teleýaýlymynyň habarçysy bolar

  • 04.01.2024 14:27
  • 4.8k+

Snup Dog ady bilen tanalýan amerikaly repçi we aktýor Kelwin Kordozar Brodus-junior Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda «NBC» teleýaýlymynyň habarçysy hökmünde işlär. Bu barada teleýaýlymyň metbugat gullugy habar berýär.

52 ýaşly repçiniň alypbaryjy Maýk Tiriko bilen göni ýaýlymlara gatnaşmagy, Pariždäki ýaryşlara hem-de gözel ýerlere baryp görmegi, şeýle hem türgenler we olaryň maşgalalary bilen söhbetdeşlik guramagy göz öňünde tutulýar. Snup Dogyň reportažy göni ýaýlymda «NBC» we «Peacock» teleýaýlymlarynda görkeziler.
Snup Dog eýýäm 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda «Peacock» bilen hyzmatdaşlyk edipdi. Ol alypbaryjy Kewin Hart bilen bilelikde çykyş etdi.
Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.


06.02.2026 19:41
3.4k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň türgenleri moda şowhunyny döretdiler

Halkara Olimpiýa komiteti Milandaky resmi myhman kabul ediş merkezi bolan «Clubhouse 26»-da «Olympic Winter Games Fashion Showcase» atly şowhunly moda çäresini geçirdi. Guramaçylyk komitetiniň saýtynda berilýän maglumata görä, bu çäre dünýäniň moda paýtagtynyň merkezinde gyşky sport stiliniň iň täsirli pursatlaryny bir ýere jemledi...

02.02.2026 03:32
2.3k+

Podiumdan ýeňiş münberine tarap: dünýä brendleri gyşky Olimpiadany moda görkezilişige öwürjek

Milan gyşky Olimpiada taýýarlanýar, ýöne bu gezek ol diňe bir sport äleminiň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmejek ýaly. Çünki türgenleriň medal ugrunda göreşýän wagty, meşhur lybas brendleri hem pursatdan peýdalanyp, tomaşaçylaryň gözlerini eglemek ugrunda bäsleşmegi ýüregine düwdiler...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...

24.06.2025 12:03
2.4k+

LVMH "Cannes Lions 2025" mahabat festiwalynyň Gran-Prisini aldy

LVMH konglomeraty Pariždäki Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna bagyşlanan kampaniýa üçin Cannes Lions 2025  mahabat festiwalynda Luxury and Lifestyle  (öňki Luxury Lion) kategoriýasynda Gran-Pri aldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär...