Samsung emeli aň ornaşdyrylan kamera çykarar

  • 04.01.2024 12:43
  • 3.5k+

«Samsung» korporasiýasy emeli aň ulgamyny doly goldaýan smartfon üçin kamera sensoryny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada lenta.ru «BusinessKorea» neşirine salgylanyp habar berdi.

Kompaniýa hyzmatdaşy «SK hynix» bilen bilelikde smartfonlar üçin ösen kamera döretmek isleýär. Häzirlikçe täze sensorlaryň haýsy aýratynlyklara eýe boljakdygy anyk däl, ýöne onuň «görünmeýän zatlary» surata düşürmäge mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.
Maglumatlara görä, emeli aňyň kömegi bilen kamera adam gözüne görünmeýän suraty düşürip, obýektden has köp maglumat alyp biler. Şeýle hem täze tehnologiýalar surata düşürmäge sarp edilýän wagty azaldar, şekiliň hilini ýokarlandyrar we energiýa sarp edilişini azaldar.
Mysal hökmünde käbir «Huawei» smartfonlarynyň kamerasy bellenildi, olar fluressent suratlary düşmäge mümkinçilik berýär. 2020-nji ýylda çykarylan «OnePlus 8 Pro-da» bolsa geýim ýaly käbir materiallaryň arkasyndan surata düşürip bilýän filtrli kamera ornaşdyryldy. «Samsung» we «SK hynix» kompaniýalarynyň bilelikdäki tehnologiýasynyň olardan hem has ýokary derejede bolmagyna garaşylýar.


25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....