ABŞ-ly alymlar dokluk duýgusyny döredýän derman gerdejigini döretdiler

  • 31.12.2023 20:13
  • 6k+

ABŞ-nyň alymlary titreme arkaly işdäni azaldýan derman gerdejigini taýýarladylar. Bu titremeli gerdejik kabul edilýän iýmiti 40 göterim azaltmak bilen horlanmaga kömek edýär.

Nahar iýlende aşgazan uzalyp, nerw ulgamy arkaly adam beýnisine signal iberilýär, şondan soň dokluk duýgusy ýüze çykýar. Alymlar tarapyndan döredilen derman gerdejiginiň yrgyldylary hem şol reseptorlara täsir edýär. Ol nahardan 20 minut öň kabul edilse, beýnide adamyň doýandygy baradaky duýgulary döredýär.
Gerdejigiň ululygy adaty multiwitaminli gerdejigiňkä meňzeş we ol kiçijik kümüş oksidi batareýasy bilen işleýär. Titremäni işjeňleşdirýän elektron zynjyr aşgazan kislotasy bilen galtaşanda işläp başlaýar we onuň energiýasy 30 minuda ýetýär. Ondan soň gerdejik dört-bäş günüň içinde tebigy ýol bilen bedenden çykýar.
Şeýle hem alymlar titremeli gerdejikleriň ulanylmagynyň iýmit siňdirişine we doýmaklyga sebäp bolýan C-peptid, peptid YY we GPP-1 gormonlarynyň derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edendigini anykladylar. Şol bir wagtyň özünde, açlyk duýgusyna jogap berýän greliý gormonynyň derejesi azaldy.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......