Copilot çat-boty saz ýazmaga we aýdymyň sözlerini düzmäge başlady

  • 31.12.2023 19:53
  • 2.8k+

TechCrunch-iň habaryna görä, Microsoft-yň emeli aň esasly Copilot çat-boty GenAI-yň Suno aýdym-saz hyzmaty bilen birleşmek arkaly aýdym ýazyp biler. Ulanyjylar “Maşgalaňyz bilen başdan geçirmeleriňiz hakda pop aýdymy dörediň” ýaly pikirleri Copilot-a girizip bilerler we Suno sözleri, sazlary we aýdymçylaryň sesleri bilen birlikde aýdym teklip eder.

Copilot-yň ulanyjylary Microsoft Edge açmak, Microsoft hasabyna girmek we Suno plaginini açmak arkaly Suno integrasiýasyna girip bilerler. "Biz bu hyzmatdaşlygyň döredijilik we güýmenje üçin täze gözýetimleri açjakdygyna hem-de aýdym-saz döredijiliginiň hemmeler üçin elýeterli boljakdygyna ynanýarys" – diýip, işläp düzüjiler bellediler.
Effekt döretmek üçin AI algoritmleri adam tarapyndan döredilen aýdym-sazda tälim alýar we muny hemme artist unap baranok, esasanam, kompozisiýalaryny nerw ulgamlarynyň ulanmagyna razylygyny bermedikler. Stability AI-niň GenAI ses bölüminiň başlygy emeli aňyň "döredijileri ekspluatasiýa edýändigini" aýdyp, işden çykdy we “Gremmi” saz baýragy bolsa AI tarapyndan döredilen ýazgylara garamagy düýbünden gadagan etdi.
Suno nerw ulgamlarynyň taýýarlanýan çeşmelerini aýtmaýar, ulanyjylara talap hökmünde belli bir artistiň stilini girizmegi gadagan etmeýär. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjiler käbir maslahatlary petiklemäge synanyşýandyklaryny aýdýarlar - modeller käbir artistleriň atlaryny tanamaýar we ulgam ulanyjylara kawerleri döretmek üçin bar bolan aýdymlara tekst ýüklemäge rugsat bermeýär.


05.06.2026 23:49
2.4k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

05.06.2026 19:21
5.3k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
1k+

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......