Dünýäde baýlygy 100 mlrd dollara ýeten ilkinji zenan belli boldy

  • 30.12.2023 17:15
  • 22k+

L’Oreal kosmetika kompaniýasynyň mirasdüşeri Fransuaza Betankur Maýers dünýäde baýlygy 100 mlrd dollara ýeten ilkinji zenan boldy.

Report agentliginiň Bloomberg-e salgylanyp habar bermegine görä, onuň baýlygy 100,2 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Şeýle ösüşe 1909-njy ýylda onuň atasy tarapyndan esaslandyrylan L’Oreal kompaniýasynyň paýnamalarynyň rekord derejeli ýokary bahasy ýardam etdi.
70 ýaşly Fransuaza Betankur Maýers bahasy 268 mlrd dollar bolan kompaniýanyň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýär. Ol we onuň maşgalasy paýnamalaryň 35%-ine eýeçilik edýär. L’Oreal-yň mirasdüşeri “Forbes” žurnalynyň garaýşy boýunça 2021, 2022 we 2023-nji ýyllarda üç gezek dünýäniň iň baý zenany diýlip hasaplandy.

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......