Google ulanyjylarynyň maglumatlaryny gizlin ýygnandygy üçin 5 mlrd dollar tölemäge borçly ediler

  • 30.12.2023 17:50
  • 11k+

Amerikanyň Google kompaniýasy Google Chrome brauzeriniň ulanyjylarynyň maglumatlaryny gizlin ýygnamaklygy bilen bagly azyndan 5 milliard dollarlyk kazyýet işi boýunça ylalaşyga gelmek üçin deslapky çözgüdi tapdy.

Bu barada Reuters habarlar gullugy arzaçylaryň we günäkärlenýäniň aklawçylaryna salgylanyp habar berdi.
Ylalaşygyň şertleri aýan edilmedi, ýöne aklawçylar Google-yň talaplaryň hökmany sanawyna razydygyny aýtdy. Ol 2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda kazyýetiň tassyklamagyna hödürlener.
Arza berijileriň arzasyna görä, Google-yň programmalary Google Chrome brauzerini şahsy "inkognite" brauzer režimine geçenlerinde-de, ulanyjylaryň işjeňligini yzarlamaga mümkinçilik berdi. Şeýlelik bilen kärhana ulanyjylaryň dostlary, güýmenjeleri, halaýan iýmitleri, sarp ediş endikleri we adamlaryň internetde gözleýän "ähtimal utandyryjy zatlary" baradaky maglumatlary alyp bilerdi.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...