Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

  • 23.03.2026 16:40
  • 2k+

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi.

Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar.

Bu funksiýa emeli aň bilen has düşnükli aragatnaşyk saklamak üçin niýetlenendir. Ulgam ulanyjynyň Google hyzmatlaryndaky Gmail (elektron poçta), Google senenamasy (Calendar), Google Disk (Drive), Google Fotosuratlary (Photos), YouTube, Google Kartalary we Google Gözlegi ýaly hyzmatlary ulanan wagtyndaky maglumatlary seljerýär we şolaryň esasynda onuň nämeleri gowy görýändigini anyklaýar. Netijede, soň öz geregi çykan ýerinde oňa artyk sorag berip durman, iň talabalaýyk jogaplary taýýarlaýar.

«9to5Google»-yň düşündirişine görä, emeli aň gündelik meseleleri çözmäge-de kömek edip biler. Meselem tehniki kömege zerurlyk çykanda sanly çekler arkaly enjamyň modelini anyklap, döreýän näsazlyklary düzetmegiň ýoluny hödürläp biler ýa ýakyn-u-daş ýerlere syýahata çykylsa, işdäňe we halaýan reňkiňe gabat gelýän iň gowy salgylary we iýmitleniş nokatlaryny saýlap biler, şeýle hem uçuş-gonuş wagtlary barada-da duýduryp durar.

Bu ýeňillik, ilki ABŞ-da elýeterli bolar. Ony ulanmak üçin Google hasabyň bolmagy we funksiýanyň elin işledilmegi talap edilýär. Soň ulanyjylar «Personal Intelligence» atly ýörite bölüm arkaly öz maglumatlaryna rugsady özleri sazlap bilerler.


şu gün 14:57
397

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 10:21
2.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....