Emeli aňy döredijiler ony ösdürmek üçin Garri Potter hakyndaky kitaplary ulanýarlar

  • 30.12.2023 17:55
  • 10k+

AI (emeli aň) tehnologiýalary bilen synag geçirmek üçin Garri Potter hakyndaky iň geçginli kitaplary ulanyp başladylar. Alymlar generator ulgamlarynyň belli bir maglumatlary nädip öwrenýändigini we ýat tutýandygyny barlamak üçin birnäçe romanyň üsti bilen AI-ni barlap görýärler.

Serialyň köpçüligiň medeniýetine dowamly täsiriniň bardygy, dil maglumatlaryna baýlygy we kitaplaryň sahypalarynda çylşyrymly söz oýnatmalarynyň bolmagy netijesinde gözlegçileriň agramly bölegi döredijilik emeli aň tehnologiýasy bilen synag geçirmekde Garri Potter hakyndaky iň geçginli kitaplara ýüzlenmegi makul bilýärler. Garri Potteri ýatladýan gözlegleriň we akademiki işleriň sanawyna berlen syn häzirki zaman nerw ulgamynyň gözlegleri we tehnologiýanyň ýüzbe-ýüz bolýan käbir möhüm meseleleri barada düşünje berýär.
"Garri Potter kim?" atly ylmy makalada uly dil modellerine maglumatlary bölekleýin ýatdan çykarmaga kömek edýän usul beýan edilýär. Dil modelleri awtorlyk hukugy bilen goralan materiallary we beýleki meseleli mazmuny öz içine alýan köp sanly onlaýn maglumatlaryň esasynda okadylýar, bu hem netijede döredijilere garşy kazyýet işine sebäp bolup biler we olaryň işine jemgyýetçilik gözegçiligini artdyrar.
Makalanyň awtorlary, Microsoft-yň gözlegçileri Mark Russinowiç we Ronen Eldan Garri Potter hakyndaky kitaplaryň, şol sanda gahrymanlaryň we sýužetleriň barlygy baradaky bilimleri aýyrmak üçin emeli aň modeliniň maglumatlary üýtgedip ýa-da redaktirläp biljekdigini görkezdiler.
Gözlegçiler bu kitaplary dünýäde meşhurdyklary sebäpli saýlandyklaryny aýtdylar.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
978

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...