Dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 2023-nji ýylda 1,5 trln dollar artdy

  • 30.12.2023 16:57
  • 8.8k+

2023-nji ýylda dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 1,5 trln dollar ýokarlandy. Bloomberg Billionaires reýtinginde Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask birinji orny yzyna gaýdyp aldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Şu ýyl Maskyň baýlygy Tesla-nyň paýnamalarynyň 105% gymmatlamagy netijesinde 95,4 mlrd dollar artyp, 232,393 mlrd dollara ýetdi. Şeýlelikde, ol bir ýyl ozal reýtingde birinji orny eýelän fransiýaly milliarder Bernar Arnodan öňe geçdi.
Şu ýyl Arnonyň LVMH kompaniýasynyň paýnamalary 8,4% ýokarlandy. Arnonyň baýlygy 178,979 mlrd dollara barabar.
Amazon.com Inc. kompaniýasynyň esaslandyryjy Jeff Bezos şu ýyl öz baýlygyny 70 mlrd dollar artdyrdy we häzirki wagtda ol Arno bilen deň derejede diýen ýalydyr.
Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýtsiň baýlygy 2023-nji ýylda 140,511 mlrd dollara çenli, kompaniýanyň öňki baş müdiri Stiw Balmeriň baýlygy 130,529 mlrd dollara çenli artdy. Geýts bilen Balmer reýtingde ilkinji bäşligi jemleýär.
Hindistanly milliarder we Adani Group kompaniýasynyň eýesi Gautam Adani Hindenburg Research tarapyndan bazar manipulýasiýalarynda we hasabat galplyklarynda aýyplamalar netijesinde 2023-nji ýylyň jemi boýunça 37,3 mlrd dollar ýitirdi.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......