Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde nobatçylygy ýokary derejede guramagy tabşyrdy

  • 30.12.2023 09:50
  • 28k+

29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk meselelerine geçip, baýramçylyk günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Baýramçylyk günlerinde raýatlarymyz gowy dynç alar ýaly ähli şertleri döretmek üçin ýurdumyzyň medeni-dynç alyş edaralarynda, teatrlarynda we sirklerde gyzykly çykyşlary guramak zerurdyr. Teleradioýaýlymlarda hem täsirli gepleşikleri bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygy günlerinde şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ilata söwda hyzmatyny talabalaýyk ýola goýmak, bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek zerurdyr.
Baýramçylyk günlerinde her bir ýolbaşça nobatçylygy ýokary derejede guramak tabşyryldy. Baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellenilmelidir. Jemagat hojalygy, elektrik, suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we dükanlaryň takyk hem-de bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna üns çekildi.
Şeýle-de döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara baýramçylyk günleri raýatlarymyz gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....