Dünýäniň iň baý adamlary 2023-nji ýylda baýlygyny has hem artdyrdy

  • 29.12.2023 15:08
  • 14k+

Dünýäniň iň baý adamlaryň 2023-nji ýylda has hem baýadylar. 2023-nji ýylda dünýädäki iň baý 50 adamdan diňe 12-si puluny ýitirdi, galanlary baýlygyny artdyrdy. 500 baý adamdan 77% -i öňküsindenem baýlaşdy, üstesine, käbirleri-hä has hem baýady.

Bloomberg agentligi tarapyndan düzülen dünýäniň iň iri 500 milliarderiniň gündelik baýlyk maglumatlaryna görä, Mask 238 milliard dollar baýlygy bilen sanawda birinji orunda durýar.
Tesla-nyň paýnamalary şu ýyl iki esse artyp, nominal bazar bahasy 816 milliard dollar töweregi boldy we Teslanyň iň uly paýdary bolan Mask bolsa umumy baýlygyna 100 milliard dollar goşdy. Bu ösüş Angolanyň ýyllyk jemi içerki önüminden ýokarydyr.
Oktagonda söweşmek meýilleşdirilip, ýöne soň bu pikirden dänilen bäsdeşi Mark Sukerberg bir ýylda üç esse baýady. Facebook-yň esaslandyryjysynyň baýlygy 184 göterim ýokarlanyp, 45 milliard dollardan 129 milliard dollara ýetdi, sebäbi Metanyň gymmaty bir ýylda 172 göterim galdy.
2022-nji ýyldaky betbagtçylykdan soň, paýdarlaryň kompaniýanyň metaälem diýilýän ýere girmek we esasy kärhanalaryna ähmiýet bermezlik üçin köp çykdajy edendigi bilen bagly alada galandyklary sebäpli Metanyň gymmaty pese gaçdy, kompaniýanyň paýnamalary ýitgileriň hemmesiniň diýen ýaly öwezini doldy.
Bernar Arno, LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton lýuks toparynyň arkasyndan  17,2 milliard dollar artan, 179 milliard dollar baýlygy bilen ikinji ýeri eýeledi.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......