Serdar Berdimuhamedow Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp guralan sergi bilen tanyşdy

  • 29.12.2023 08:52
  • 8.5k+

28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine bagyşlanyp guralan köpugurly sergi bilen tanyşdy.

Sergide Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, ulag-kommunikasiýalar, maliýe-bank, nebitgaz toplumlarynyň, oba hojalygy, gurluşyk-senagat toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gazanan üstünlikleri giňden görkezilipdir.
Serdar Berdimuhamedow köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri arzuw etdi.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......