Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan dabaralara gatnaşdy

  • 29.12.2023 08:44
  • 20k+

28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.

Bu ýerde geçirilýän dabara gatnaşýan çagalar Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutany ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Olar bu şanly güne öz Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.
Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Gündogar senenamasynyň ýyllarynyň nyşanlary bolan towşanyň we luwuň lybasyny geýen çagalar döwlet Baştutanyndan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Serdar Berdimuhamedow ýaşajyk artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy.


Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar. Döwlet Baştutany çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.


düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......