Hytaýda Ford Mondeo 2024 görkezildi

  • 28.12.2023 14:58
  • 10k+

Hytaýda 2 litrlik  Ecoboost hereketlendirijili Ford Mondeo 2024 çykdy. Gyzykly tarapy, sedanyň hereketlendirijisi 16 at güýjüne ýetdi, ýöne henizem “AI-92” benzini bilen doldurylmaga niýetlenendir. Bu iň esasy täzelik.

Bir wagtlar iň meşhur “D” kysymly sedan üç sany bezeg derejesi bilen täze model ýylyna girdi: EcoBoost 245 Deluxe (25,2 müň dollar), EcoBoost 245 Extreme (28 müň dollar) we EcoBoost 245 ST-Line (30,5 müň dollar).
Ulag indi özüne häsiýetli mawy reňkinde bolmaz, ýöne täze ýaşyl we açyk çal reňkleri peýda boldy. Top-wersiýalarynda üç ölçegli nagyşly täze radiator paneli bolar, ýöne smartfony açar hökmünde ulanmak ukyby ähli wersiýalaryndan ýitdi.

Esasy wersiýasy adaptasiýa kruiz dolandyryşy bilen enjamlaşdyrylan, orta aralyk wersiýasynda öňdäki oturgyçlary gyzdyryjy bar we töwerekleýin görkezýän kamera bar, top wersiýasynda bolsa smartfon üçin simsiz zarýad beriji bar.
Hereketlendiriji 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen sazlanýar. Ortaça sarp ediş    - 7,18 l / 100 km.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....