Toyota awtomobil önümçiligi boýunça rekord goýdy

  • 28.12.2023 09:52
  • 15k+

Ýaponiýanyň Toyota awtoöndürijisi awtoulaglaryň önümçilik möçberi boýunça täze rekord goýdy: 2023-nji ýylyň 11 aýynda 9,23 mln awtoulag öndürildi. 2019-njy ýylda goýlan öňki rekord görkezijisi 180 müň birlik ýokarlandy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Rekord diňe bir 11 aýda däl, eýsem soňky aýda-da hasaba alyndy. Diňe noýabr aýynda Toyota 926,5 müň awtomobil öndürdi, bu bolsa geçen aýlaryň görkezijilerinden ýokarydyr.
Ýatlap geçsek, noýabr aýynda Toyota-nyň 300 mln awtomobil möçberinde umumy global önümçilige ýetendigi habar berildi. Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, 180,52 mln awtomobiliň ýurduň içinde we 119,6 mln awtomobiliň daşary ýurtlarda öndürilendigi bellenildi.
Iň köp öndürilen model Corolla: 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, bu modelden jemi 53,399 mln birlik çykaryldy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......