Apple öz emeli aň ulgamyny gazet makalalary esasynda kämilleşdirer

  • 27.12.2023 12:53
  • 1.7k+

Amerikan tehnologiýa ägirdi bolan «Apple» iri habar beriş serişdeleri we neşirýatlar bilen emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin olaryň arhiwlerinden peýdalanmak hakynda rugsat sorap, gepleşiklere başlady. Bu barada «The New York Times» habar berdi.

Bellenilmegine görä, tehnologiýa ägirdi habar makalalarynyň arhiwine ygtyýarnama almak üçin azyndan 50 million dollarlyk köp ýyllyk şertnamalar baglaşdy. Kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda hepdelik «The New Yorker» neşiri, «NBC News» teleýaýlymy, «The Daily Beast» habarlar neşiri we beýleki iri maglumat platformalary bar.
«Apple» korporasiýanyň täzelikler pudagynda generatiw emeli aňy nähili ulanjakdygyny anyk düşündirmedi. «iPhone» smartfonlarynda we «iPad-lerinde» täzelikleri okaýan köp sanly ulanyjylary göz öňünde tutsak, bu uly bäsdeşlik töwekgelçiligini döredýär.
«The New York Times» gazeti «Apple» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň soňky ýyllarda generatiw emeli aňyň önümlerini döretmek we beýleki emeli aň tehnologiýasyny işläp düzüjileriniň eýýäm ýüzbe-ýüz bolan awtorlyk hukugy baradaky kynçylyklardan gaça durmak üçin maglumatlary nädip ýygnamalydygyny ara alyp maslahatlaşýandyklaryny bellediler.


30.05.2026 00:14
2.3k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......