Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar

  • 27.12.2023 09:41
  • 6.6k+

Şu gün, 27-nji dekabrda Aşgabatda Söwda-senagaty edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahatyň we serginiň işine uly üstünlik arzuw edip Gutlag iberdi.

«Ýaş nesiller — jemgyýetiň geljegi. Şonuň üçin hem ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen strategiýamyzyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar barada döwlet syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin amatly şertleri döredýäris. Her bir güni uly üstünlikler, milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylan 2023-nji ýylda hem bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň depginli ösüşine, öňe gitmegine gönükdirilen maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanan bu halkara ylmy-amaly maslahat we sergi biziň ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleriniň hem-de tejribeleriniň ýokary bahalara mynasyp bolýandygyny aýdyň tassyklaýar» diýip Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Belläp geçsek, bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň jemini jemleniler.


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......