Toyota GAC kompaniýasy bilen bilelikde döreden täze modelini çykardy

  • 26.12.2023 09:03
  • 8.5k+

Hytaýda GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilen Bozhi 4X elektrik krossowerleriniň satuwy başlandy. Bu barada carnewschina.com habar berýär.

 

Bozhi 4X täze kiçi markanyň ilkinji modeli boldy. Awtoulag e-TNGA platformasynda (Toyota New Global Architecture) gurlup, bahasy 179,8 müň ýuandan başlanýar (neşir edilende walýutanyň hümmeti 2,3 million rubl). Täze önümiň uzynlygy 4650 mm, tiger bazasy 2850 mm.

Öňki tigirleri hereketli wersiýada krossower 204 at güýji bolan bir hereketlendiriji bilen üpjün edilendir, 3,8 sekuntda noldan 50 km / sag-a çenli tizlik alýar, ýöreýiş ätiýaçlygy 615 km. Tigirleri doly hereketli wersiýasy iki hereketlendirijini aldy (hersi 109 at güýji), 3,4 sekuntda 50 km / sag-a çenli tizlik alýar, bir zarýad bilen ýöreýän aralygy 560 km-den geçmeýär.

 

Täze önümiň iç ýüzünde 7 dýuýmlyk gural paneli, 12 dýuýmlyk merkezi ekran we üç dilli dest bar. Opsiýalara ýüz tanamak, desti gyzdyrmak, smartfonlar üçin simsiz zarýad bermek, öňdäki oturgyçlary gyzdyrmak we şemallatmak, dokuz dinamikaly JBL ses ulgamy girýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......