Redmi Lamborghini awtoulaglarynyň äheňinde smartfonlaryny çykardy

  • 26.12.2023 08:58
  • 17k+

It Home portalynyň habaryna görä, Xiaomi Italiýanyň awtoulag markasy bolan  Lamborghini-niň stilinde döredilen Redmi K70 Pro smartfonlarynyň çäklendirilen seriýasyny çykardy. Squadra Corse -iň täze çykaran gajetiniň bahasy 650 dollar.

 

Çäklendirilen hatardaky enjamlar bary-ýogy 40 nusgada öndürildi we awtoulag markasynyň iki şereket öwüşgininde - sary we ýaşyl. Täze önümler Lamborghini Essenza SCV12 sport awtoulagynyň ruhundaky dizaýny bilen Redmi K70 Pro-nyň adaty görnüşinden tapawutlanýar.
Galan ýagdaýlarda täze önümleriň adaty Redmi K70 Pro modellerinden tapawudy ýok. Şeýle hem, olar häzirki wagtda Android enjamlary üçin elýeterli iň güýçli prosessorlardan biri bolan Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 çipset bilen üpjün edilýär.

 

Şeýle hem, täze önümler 24 Gb RAM bilen bilelikde işleýär, maglumat saklaýyş kuwwaty 1 TB. Şol bir wagtyň özünde, enjamlar 120 Wt çalt zarýad bermek üçin 5000 mAh akkumulýator bilen üpjün edildi.
Şeýle hem, smartfonlarda 2K durulykda OLED ekrany, 50 megapiksel esasy kamera, 50 megapiksel telefon linzasy we ultra giň burçly linzaly 12 megapiksel kamera bar.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....