Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» futbol topary üçin niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy

  • 26.12.2023 08:52
  • 24k+

25-nji dekabrda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow «Arkadag» futbol toparynyň ýakynda Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy baradaky hoş habary aýtdy we bu futbol toparynyň geljekde-de uly ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjakdygyna ynandyrdy.

Soňra D.Orazow Serdar Berdimuhamedowdan «Arkadag» futbol toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekip bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň futbol toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň çempiony, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny belledi we «Arkadag» futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etdi hem-de topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.


şu gün 22:20
117

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

şu gün 13:44
1.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....