Türkmenistanyň Prezidenti täze kitap ýazdy we ony Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat iberdi

  • 25.12.2023 22:26
  • 24k+

Ýakynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby çapdan çykdy. Bu barada döwlet Baştutany 25-nji dekabrda welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda habar berdi.

«Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabym çapdan çykdy. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi we bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna we sergisine sowgat boljakdygyny aýtdy.
«Men bu kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin» — diýip Serdar Berdimuhamedow aýtdy.


düýn 11:41
3.3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......