Hindistanyň Güne tarap uçuran stansiýasy 6-njy ýanwarda Lagranž L1 nokadyna ýeter

  • 25.12.2023 12:04
  • 7.8k+

Hindistanyň Aditya-L1 Güni öwreniş kosmos stansiýasy 6-njy ýanwarda missiýanyň iň soňky nokadyna (Lagranž L1 nokady) ýeter we ol ýerden Güne gözegçilik eder. Bu barada Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasynyň (ISRO) başlygy Şridhara Somanath žurnalistlere habar berdi.

"Aditya-L1 6-njy ýanwarda L1-e nokadyna girer" – diýip, ol nygtady we "takyk wagtynyň degişli wagtda yglan ediljekdigini" aýtdy. Somanath: "Stansiýa L1 nokadyna ýetende, ondan aňry hereket etmeginiň öňüni almak üçin hereketlendirijini täzeden işletmeli bolarys" –diýip belledi.

Enjam L1 nokadynda üstünlikli oturdylandan soň, geljekki bäş ýylyň dowamynda ol  şol ýerde galar we diňe bir Hindistan üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin möhüm maglumatlary ýygnar diýip, ISRO-nyň başlygy düşündirdi. Ol: "Bu maglumatlar Günde bolup geçýän hadysalara we onuň durmuşymyza edýän täsirine düşünmek üçin örän peýdaly bolar" – diýip nygtady.
Aditya-L1 2-nji sentýabrda Ýeriň orbitasyna çykarylypdy. Üç hepde töweregi wagtdan soň, enjam Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadyna barýan ýoluň traýektoriýasyna geçirildi. Gün-Ýer ulgamynda Lagranž L1 nokady kosmos stansiýasy üçin Güni synlamaga amatly ýerdir. Bu ýerde onuň öňüne Aý hem,Ýer hem gabat bolmaýar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....