Meta-nyň Threads sosial ulgamy X-den ozduryp, App Store-de iň köp ýüklenen goşundy boldy

  • 25.12.2023 12:36
  • 3.6k+

Business Insider-iň habaryna görä, geçen hepde Threads sosial ulgamy ABŞ-da Apple AppStore dükanynda iň meşhur programma boldy we bäsdeşi Ilon Maskyň X-sinden öňe geçdi. Häzirki wagtda Instagram ilkinji onluga girýär we Meta-nyň iň irki platformasy Facebook bilen bilelikde TikTok-dan has çalt ösýär.

Meta-nyň X-a meňzeş işleýän Threads programmasy alty aý mundan öň işe girizilipdi. Meşhurlygy çalt artyp, 150 million gezek ýüklenip alnan Threads rekord goýdy, ýöne programmanyň aýratynlyklarynyň ýeterlik däldigi we birneme ýönekeý bolany üçin, ulanylyşy gysga wagtda pese gaçdy. Soňky hepdeleriň dowamynda  Instagram tehnologiýasy esasynda programmany döreden 15 inženerden ybarat topar platforma üýtgetmeler we goşmaçalar girizdi, ulanyjylar bolsa gaýdyp geldiler we şol ýerde galdylar. Soňra Threads web wersiýasyny açdy we ony 14-nji dekabrda Ýewropa Bileleşigi üçin açdy.
Görnüşine görä, hut şu ädim platformany Apple AppStore dükanynda birinji orna çykardy. Ýöne soňky hepdelerde Threads ilkinji bäşlige giren hem bolsa, ÝB üçin  açylandan soň arzanladylan harytlar bazary bolan Temudan soň ikinji ýeri eýeledi. Ýöne eýýäm çarşenbe güni birinji ýere çykdy we şondan bäri şol ýerde galdy. Threads Google Play Store-da iň meşhur mugt programma hökmünde bäşinji ýerde durýar.
Threads-iň ulanyjylarynyň sany soňky üç aýyň dowamynda yzygiderli artýar. Apptopia-nyň maglumatlaryna görä, gündelik işjeň ulanyjylaryň sany 17% artyp, takmynan, 35 million adama, aýlyk işjeň ulanyjylaryň sany 27% artyp, 140 million adama ýetdi. Apptopia-nyň habaryna görä, işe girizilenden bäri ol jemi 445 million gezek ýüklenip alyndy.


19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......