Lexus täze hereketlendiriji bilen üpjün edilen UX krossowerini tanyşdyrdy

  • 24.12.2023 14:11
  • 9.2k+

«Lexus» ABŞ-da täze gibrid hereketlendirijisi bilen üpjün edilen 2025-nji ýyl üçin niýetlenen «UX» krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy.

Gibrid hereketlendiriji iki litrlik benzin motoryny, ýeňil litiý-ion batareýasyny, iki motor-generatory we öwrüm pursatynda agramy öňdäki tekerlere geçirýän planetar reduktory öz içine alýar. Awtoulagyň umumy kuwwaty 296 at güýjüne deň. Yzky oturgyjyň aşagynda ýerleşýän çekiş batareýasy salonyň we goş goýulýan bölümiň (bagažnik) giňligine täsir etmeýär.

Täzelenen «Lexus UX 300h» görnüşi ähli tekerleri hereketli ulgama eýe bolar. Ähli tekerleri hereketli krossower 100 km/sag tizlige 7,9 sekuntda çykýar, öňdäki tekerleri hereketli görnüşi bolsa 8 sekuntda ýetýär. Awtoulagyň salonynda gapy panelleri we merkezi konsol üçin täze bezeg ulanyldy. Öňdäki oturgyçlar ýyladyş we howa çalşygy ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....