Dubaýda dünýädäki iň uly emeli rifleriň biri gurlar

  • 23.12.2023 16:08
  • 24k+

Dubaý şäherinde Dubai Reef taslamasy esasynda dünýädäki iň uly emeli rifleriň biri gurlar. Bu taslamanyň maksady daşky gurşawy goramakdan ybarat diýip, emirligiň Ykdysadyýet we syýahatçylyk departamentiniň metbugat gullugy habar berýär. Muny Interfax.ru ýetirýär.

Şeýlelikde, Dubai Reef taslamasy 600 inedördül kilometr meýdanda dürli ölçegli emeli rifleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Rif modullarynyň umumy göwrümi her ýyl ýedi million tonnadan gowrak uglerod tutmak ukyby bilen 400 müň kub metrden gowrak bolar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi merjen riflerini dikeltmäge, kenarýaka zolaklaryny goramaga we Dubaýyň kenarýakasynyň deňiz biodürlüligini dikeltmäge ýardam berer.

“Dubai Reef taslamasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda işe giriziler we dört ýylyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar. Emeli rifler deňiz ýaşaýjylarynyň dürli görnüşleri üçin öý bolup hyzmat eder, rifiň kömegi bilen Dubaýyň kenarýakasynda deňiz gubkalarynyň, ustrisalaryň, mollýuskalaryň, leňňeçleriň, deňiz ýyldyzlarynyň, kirpileriniň we balyklaryň dürli görnüşleriniň täze populýasiýasy köpeler. Mundan başga-da, taslama Pars aýlagy sebitindäki howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşde möhüm rol oýnar” – diýlip habarda aýdylýar.

Departament taslamanyň balyk tutmak işini goldamak, balyklaryň populýasiýasyny köpeltmek we azyk howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamanyň bir bölegidigini belleýär. Ol sebitiň atmosferasyna kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmakda hem möhüm rol oýnar.


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......