10 kategoriýada “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy hödürlendi

  • 22.12.2023 18:11
  • 7.8k+

Amerikan kinosungat akademiýasy 10 kategoriýada “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawyny hödürledi. Sanaw akademiýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, REN TW teleýaýlymy habar berýär.

Şeýlelikde, “Iň gowy daşary ýurt çeper filmi” nominasiýasynda 15 film dalaşgär görkezilýär. Olaryň hatarynda germaniýaly režissýor Wim Wendersiň “Ajaýyp günler” (Perfect days), meksikaly režissýor Lila Awilesiň “Totem”, ispaniýaly Huan Antonio Baýonanyň “Gar jemgyýeti” filmi we beýlekiler bar.
“Iň gowy aýdym-saz” kategoriýasynda baýrak üçin beýlekiler bilen bir hatarda “Barbi”, “Oppengeýmer”, “Oglan we guş” ýaly filmler dalaş edýär.
“Iň gowy dokumental film” nominasiýasynda görkezilen dalaşgärleriň arasynda ABŞ-dan režissýor Mettýu Heýnemanyň “Amerikan simfoniýasy”, amerikaly Madlen Gewiniň “Utopiýadan aňyrda” (Beyond Utopia), çilili Meýti Alberdiniň “Ebedi hatyra” filmi bar.
Mundan başga-da, abraýly kino baýragy üçin dalaşgärler “Iň gowy gysga metražly dokumental film”, “Iň gowy grim we saç bezegi”, “Iň gowy aýdym”, “Iň gowy gysga metražly multfilm”, “Iň gowy çeper gysga metražly film”, “Iň gowy ses”, “Iň gowy wizual effektler” kategoriýalarynda görkezildi.
Öň, Amerikan kinosungat akademiýasynyň metbugat gullugy “Oskar” kino baýragynyň 96-njy gowşurylyş dabarasynyň 2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriljekdigini habar berdi. Onuň alypbaryjysy komik Jimmi Kimmel bolar.


28.03.2026 15:27
3.1k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...

16.03.2026 23:36
6.9k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...

16.03.2026 11:24
4.4k+

«Bir söweşden soň beýleki» «Oskar — 2026» dabarasynda iň gowy film boldy

Amerikan režissýory Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi 98-nji «Oskar» gowşurylyş dabarasynyň baş baýragyna mynasyp boldy. Film «Iň gowy film» kategoriýasynda ýeňiji diýlip ykrar edildi...