Google Play-da programmalary uzak aralykdan bozmak funksiýasy peýda bolar

  • 22.12.2023 13:09
  • 4.4k+

Google kompaniýasy öz programmalar dükany üçin täze funksiýany işe girizmäge taýýarlanýar. Google Play hyzmatlarynyň dekabr aýyndaky täzelenmesi ulanyjylara birikdirilen gurluşlardan programmalary uzak aralykdan bozmaga mümkinçilik berýän synag opsiýasyny öz içine alýar. Täzelik heniz iş ýüzünde güýje girenok. Bu funksiýanyň soňrak resmi we umumy elýeterli bolmagyna garaşylýar. Ýöne TheSpAndroid tehnoblogeri bu funksiýany eýýäm synagdan geçirdi we işiň jikme-jiklikleri bilen paýlaşdy. Muny rbclife.ru ýetirýär.

Ol geljekde bu funksiýa isleg bildirýänleriň ählisiniň elýeterli bolup biljekdigini ýazýar. Munuň üçin Play Store programmasynda “Programmalary we gurluşy dolandyrmak” bölümine girmeli. Soňra:

  • “Dolandyryş” sahypasyna geçmeli;
  • Ähli birikdirilen gurluşlaryň sanawy peýda bolar ýaly häzirki gurluşyň adyna basmaly we ulanyjynyň göz öňünde tutýan gurluşyny saýlamaly;
  • Programmalar sanawyndan bozmaly programmany saýlamaly;
  • Sag tarapdan ýokarky burçdaky bozmak nyşanjygyna basyp, amaly tamamlamaly.

Haçan-da ulanyjy Google Play Store-dan Android-e bir programmany gurnanda, ulgam bu programmany beýleki gurluşlara-da gurnamagy teklip edýär. Indi şeýle ssenariýa boýunça olary beýleki gajetleriňizden uzak aralykdan bozup bilersiňiz.
Şeýle-de, bu funksiýa programmalary eýeleýän ýadynyň göwrümine görä tertipleşdirmäge mümkinçilik berer. Netijede, agyr programmalary anyklamak aňsat bolar we olary zerur bolan ýagdaýynda aýryp, gurluşyň öndürijiligini ýokarlandyrmak bolar.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...