Maliýe ministrligi 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meýilleşdirilişi barada aýtdy

  • 22.12.2023 13:05
  • 7.5k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi geljek ýyl ýurduň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň nähili paýlanjakdygy baradaky maglumat berdi. Degişli maglumatlar Türkmenistanyň Mejlisiniň ykdysady meseleler boýunça komitetiniň başlygy Guwançmyrat Agaýew tarapyndan berilýär.

Şeýlelikde, ýurduň esasy maliýe resminamasynda durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeler 77,3 göterim möçberde göz öňünde tutulan. Şolardan 36,6 göterimi bilime, 13,5 göterimi saglygy goraýşa, 2,9 göterimi medeniýete, 37,8 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna harçlanar.
Geljek ýyl Aşgabat şäheriniň býujeti 2023-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim ýokary bolar. Ahal welaýatynyň býujeti üstümizdäki ýyl bilen deňeşdirilende 7,1 göterim, Balkan welaýatynyň býujeti 9,5 göterim, Daşoguz welaýatynyň býujeti 9,4 göterim, Lebap welaýatynyň býujeti 9,2 göterim, Mary welaýatynyň býujeti 8,1 göterim ýokary bolar.
Ýurduň ykdysadyýetiniň önümçilik maksatly desgalarynyň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberinden 67,8 göterimi, önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşygyna 32,2 göterimi harçlanar. 
Umuman, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2023-nji ýyldakydan 12,8% ýokary bolar.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......