Ýaponiýada Toyota Crown Sport ulagynyň täze nusgasy tanyşdyryldy

  • 21.12.2023 17:22
  • 14k+

«Toyota» Ýaponiýada «Crown Sport» krossoweriniň 306 at güýji kuwwaty bolan gibrid hereketlendiriji bilen üpjün edilen görnüşini tanyşdyrdy.

Awtoulag 2,5 litrlik benzin motory we reduktorly parallel gibrid hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Krossowerde onuň elektrik bilen hereket edende 90 km aralygy geçmegini üpjün etjek ýokary sygymly çekiş batareýasy ornaşdyryldy. 55 litrlik benzobakdaky ýangyjy göz öňünde tutsak, awtoulagyň geçip bilýän umumy aralygy 1,2 müň kilometre ýetýär. Awtoulag ähli tekerleri hereketli ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Inženerler täze nusgada amortizatorlary üýtgedip, kuzowyň berkligini ýokarlandyrmak üçin goşmaça diregleri (rasporka) ýerleşdirdiler.
Gibrid görnüşli «Crown Sport» 38 minutda batareýa 80% zarýad berip bilýän çalt zarýad beriş tehnologiýasy bilen üpjün edilendir. Şeýle hem ulag öýi elektrik bilen üpjün etmek üçin daşarky güýç çeşmesi hökmünde hem ulanylyp bilner. Krossoweriň täze görnüşi Ýaponiýada 7,65 million ýen (53 müň dollar) bahadan satylar. «Toyota» her aý bu modele degişli 300 awtoulagy öndürmegi maksat edinýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......