Mýuller «Bawariýa» bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

  • 21.12.2023 17:19
  • 6.8k+

Taryhda iň köp baýraga mynasyp bolan nemes futbolçy Tomas Mýuller «Bawariýa» bilen şertnamasyny ýene bir möwsüm uzaltdy diýip, Mýunhen klubynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

34 ýaşly hüjümçi bilen täze şertnama 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Geljek möwsüm «Bawariýada» 2008-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän Mýuller üçin 17-nji möwsüm bolar.
Mýuller «Bawariýanyň» düzüminde 684 resmi oýna gatnaşyp, 237 pökgi geçirdi we 261 gol pasyny berdi. Hüjümçi gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça klubyň taryhynda Zepp Maýerden (706 gezek) soň ikinji orunda durýar.
Müller «Bawariýanyň» düzüminde 32 kubok gazandy. Ol Germaniýanyň 12 gezek çempiony boldy, ýurduň Kubogynyň alty gezek we Superkubogynyň sekiz gezek eýesi boldy, şeýle hem Çempionlar ligasynda iki gezek, UEFA-nyň Superkubogynda iki gezek we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda iki gezek ýeňiji boldy. Mundan başga-da, Mýuller 2014-nji ýylda Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy.


şu gün 10:24
3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......