2023-nji ýylda 10 müňden gowrak ylmy makala yzyna alyndy

  • 21.12.2023 17:12
  • 4.6k+

2023-nji ýylda ylmy makalalar pudagy antirekord goýdy. Bu döwürde yzyna alnan ylmy makalalaryň sany on müňden geçdi. Bu barada mail.ru «Nature» žurnalyna salgylanyp habar berýär.

Makalalar dürli sebäplere görä yzyna alnyp bilner. Mysal üçin, käbir alymlar belli bir ugurda üstünlik gazandylar, synaglar geçirdiler we bu barada žurnalda çap etdiler. Şeýle-de bolsa, beýleki bilermenler şol netijäni gazanyp bilmediler. Bu ölçeg ýalňyşlyklary ýa-da netijeleriň nädogry düşündirilmegi bilen baglanyşykly bolup biler. Şeýle-de bolsa, materiallaryň neşirlerden aýrylmagyna sebäp bolan başga bir faktor has gyzykly bolup çykdy.
Yzyna alnan on müň makalanyň aglaba bölegi ýasama bolup çykdy. Olar diňe daşyndan hakyky görünýär, hakykatda bolsa olar “kagyz fabrikleri” – galp neşirleri öndürýän we satýan guramalar tarapyndan döredilýär. Alymlara dürli sebäplere görä ylmy işler gerek bolýar. Şonda olar hakyky barlag geçirmezden, bar bolan maglumatlary alýarlar, olaryň köpüsi bolsa ýasama bolup çykýar.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......