Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Aziýanyň tennis federasiýasynyň wise-prezidenti wezipesine bellendi

  • 20.12.2023 15:43
  • 13k+

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow 2027-nji ýyla çenli Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti wezipesine bellendi.

Türkmen sporty üçin bu ajaýyp habar Aziýanyň Tennis federasiýasynyň gurultaýynyň geçirilen ýeri bolan Tailandyň paýtagty Bangkokdan geldi. Şeýlelikde, Eziz Döwletow Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar geňeşiniň düzümine goşuldy.
Eziz Döwletowyň dalaşgärligine mejlise gatnaşan 53 wekilden 41-si ses berdi.
Eziz Döwletowy wise-prezident edip belläninde guramanyň täze başlygy tennisçiniň guramaçylyk ukyplaryny we hünär tejribesini göz öňünde tutdy.
Şeýle hem Aziýanyň Tennis federasiýasynyň gurultaýynda Eziz Döwletowy 2024-2025-nji ýyllaryň Masters ýaryşlaryny geçirmek üçin Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) komitetine saýlamak kararyna gelindi. Bu komitet iň abraýly ýaryşlary geçirmek üçin jogapkärdir.
33 ýaşly Eziz Döwletow sport ussady, Aziýa we Okeaniýa zolagynda Dewisiň kubogynyň IV toparynyň ýeňijisi, halkara we milli ýaryşlaryň ýeňijisi.
2018-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli baş sekretar, 2021-nji ýyldan 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli - Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygynyň orunbasary. 2022-nji ýylyň iýulynda bu sport gurluşyna ýolbaşçylyk etdi.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....